Şu ýyl Gazagystanda haýsy ulag ugurlary boýunça tölegler giriziler
«Inbusiness.kz» saýtynyň ýüz tutmasyna jogap hökmünde «КазАвтоЖол» 2024-nji ýylda umumy uzynlygy 2225 km bolan I we II tehniki derejeli ýollaryň 11 böleginde hereket etmek üçin tölegleri girizmegiň meýilleşdirilýändigini yglan etdi:
I dereje:
Balhaş – Burylbaýtal (91 km);
Karaganda şäherinden aýlanyp geçmek (48 km).
II dereje:
Kostanaý – Troisk (163 km);
Aktobe – Orenburg (92 km);
Aktau – Beýneu (454 km);
Kyzylorda – Aralsk (455 km);
Uşaral – Dostyk (180 km);
Kostanaý – Denisowka (169 km);
Makat – Kandyagaş (332 km);
Şu – Burylbaýtal (184 km);
Taraz şäherinden aýlanyp geçmek (57 km).
II derejedäki ýollarda ýeňil ulaglardan töleg alynmaýandygyny bellemelidiris.