Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş sapary amala aşyrdy, onuň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň köpugurly hassahanalaryna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna dünýäniň iň kämil lukmançylyk enjamlarynyň berlendigi we işleriň üstünlikli dowam edýändigi, şeýle hem gaznanyň hasabyna mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika ugry boýunça ders olimpiadasynyň geçirilendigi we çagalar atçylyk toparyny döretmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy barada hasabat berildi. 

Şeýle hem iş maslahatynyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň baş direktory M.Öküzowa häzirki döwürde merkezde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we bu ýerde ýüzlerçe çagalaryň saglyklarynyň berkidilendigi barada hasabat berdi. 

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň dünýäde ykrar eldilen düzüme öwrülendigini belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri bu ugurda amala aşyrylýan işleriň yzygiderli ösdürilmelidigine, şunda ýola goýulýan halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmelidigine ünsi çekdi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklaryny berdi.