Aşgabatda türkmen-rumyn awtoulag boýunça toparynyň mejlisi geçirildi

Sişenbe güni, 2-nji maýda Aşgabatda awtoulag boýunça türkmen-rumyn toparynyň ikinji mejlisi geçirildi. Bu çäre çarşenbe güni açyljak ulag we üstaşyr geçelgeleri boýunça halkara forumyň çäginde geçirildi.

 

Bu gün bolsa, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň wekilleri, Gara deňiz-Hazar halkara ulag geçelgesiniň strategiki taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça iş toparynyň koordinatory Adrian Fogişiň ýolbaşçylygyndaky rumyn wekiliýeti bilen gepleşik geçirdi.

 

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky ýük gatnawy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, iki ýurduň ulag edaralarynyň mümkinçilikleri barada maglumat alyşyldy. Gara deňiz - Hazar deňziniň geçelgesi mowzugyna degildi. Bu nukdaýnazarda ýük ulag ýoluny döretmek we ulanmak boýunça Türkmenistan, Rumyniýa, Gruziýa we Azerbaýjan hökümetleriniň arasynda Ylalaşygyň taslamasynyň üstünde iş alnyp barylýar.

 

 

Bu, Rumyniýa we Türkmenistan tarapyndan mundan ozal 10 ýyldan gowrak wagt bäri 2012-nji ýylda işe girizilen hem-de Merkezi we Demirgazyk Ýewropa, Günorta Kawkaz we Merkezi Aziýa arasynda intermodal ulag ýoluny (deňiz/derýa we ulag/demir ýol ulaglary) döretmäge gönükdirilen taslama. Aziýa-Ýuwaş umman ýurtlary üçin hem bu Konstansa, Poti, Batumi, Baku/Alýat we Türkmenbaşy portlary bilen geçelgelerden peýdalanmak amatly mümkinçilikdir.

 

Gara deňiz-Hazar ugry boýunça daşamalaryň päsgelçiliksiz durmuşa geçirilmegi üçin wiza, gümrük beýannamasy we beýleki elektroniki resminamalary bermekde ýönekeýleşdirilen işler barada dört taraplaýyn formatda ylalaşmaly.

 

Awtoulaglary boýunça türkmen-rumyn toparynyň ilkinji mejlisi 2022-nji ýylyň noýabr aýynda geçirildi. 

 

 

Soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda söwda dolanşygynda ep-esli ösüşler görülýär. Rumyniýa esasan Türkmenistana enjamlary, metal önümlerini, derman serişdelerini we başga-da birnäçe harytlary getirýär, garşy tarapa bolsa dokma, ýeňil we himiýa senagatynyň önümleri, gurluşyk materiallary, nebit önümleri we ş.m. ugradylýar.

 

<p style="text-align: right"><em><strong>ORIENT news</strong></em></p>