Mahaçew bilen Porýe 2-nji iýunda tutluşar

Iýun aýynyň 1-inden 2-sine geçilýän gije, ýagny şenbe gününden ýekşenbe gününe geçilýän gije ABŞ-nyň Nýu Jersi ştatynyň Nýuarke şäherinde UFC 302 ady bilen nobatdaky MMA tutluşyklary geçiriler.

Şol geçiriljek tutluşyklaryň arasynda-da iň esasysy ýeňil agramda boljak çempionlyk duşuşygydyr. Bu duşuşyk russiýaly Islam Mahaçew bilen amerikaly Dastin Porýeniň arasynda bolar. Umumylykda, UFC 302 tutluşyklary Aşgabat wagty bilen daňdan 04:00-da başlanar. Mahaçew bilen Porýeniň arasyndaky göreşiň bolsa 09:00-da başlanmagyna garaşylýar. Tutluşyklar Russiýanyň «Match TV» hem-de «Match Boes» teleýaýlymlary arkaly efire berler.

35 ýaşyndaky Porýe soňky göreşini şu ýylyň mart aýynda geçirdi. UFC 299 ady bilen geçirilen tutluşykda ol Benua Sen-Denini 2-nji raundda nokaut bilen ýeňdi. Onuň umumylykda 30 ýeňşi, 8 ýeňlişi bar.

32 ýaşyndaky Mahaçew bolsa soňky gezek 2023-nji ýylyň oktýabrynda oktagona çykypdy. Ol şonda Aleksander Wolkanowskini 1-nji raundda nokaut edipdi. Mahaçewiň karýerasynda 25 ýeňiş, 1 ýeňliş bar.