Ýaponiýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler
Ýaponiýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler. Bu medeni çäräniň açylyş dabarasyny 12-nji iýunda guramak meýilleşdirilýär. Esasy çäreler Ýaponiýanyň Tokio we Sukuba şäherlerinde geçiriler.
Çäräniň esasy wakalaryndan biri hem, türkmen bagşylarynyň we sungat wekilleriniň konsertleri we çeper kompozisiýalary bolar. Ýaponiýaly tomaşaçylar Türkmenistanyň medeni mirasynyň möhüm bölegi bolan «Küştdepdi» milli tansyndan lezzet alarlar.
Şeýle hem, Medeniýet günlerinde oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň medeniýetine has çuňňur aralaşmaga we özboluşlylygyna baha bermäge mümkinçilik berýän türkmen däp-dessurlarynyň baýlygyny we beýleki çäreleri görkezýän milli eşikleriň sergisi hödürlener.