Aşgabatda Türkmenistanyň BSG-i bilen hyzmatdaşlygy temasy boýunça talyplaryň arasynda breýn-ring geçiriler
Ýakynlaşyp gelýän Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasy bilen hyzmatdaşlygy» atly tema boýunça breýn-ring geçiriler. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi ýurdumyzyň Bilim ministrligi bilen bilelikde çäräniň guramaçysy bolup çykyş edýärler.
Breýn-ringe ýurdumyzyň 9 ýokary okuw mekdeplerinden gelen talyplar gatnaşarlar. Bellenilişi ýaly, bäsleşikde her ýokary okuw mekdepden dört talypdan ybarat bolan toparlar çykyş ederler. Akyl-paýhas bäsleşigi 10-njy iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Türkmenistanyň ileri tutulýan diplomatik ugurlary boýunça Okuw merkezinde iňlis dilinde geçiriler.
Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň diplomlary hem-de çäräniň hemaýatkärleriniň gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglanarlar.