Türkmenistan Mejlisiň deputatlarynyň ýakyn wagtda geçiriljek saýlawlaryna işjeň taýýarlanýar

Mälim bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilen 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine geçiriljek saýlawlara işjeň taýýarlyk görülýär. TDH habar bermegine görä, saýlawlar 7-nji iýulda meýilleşdirilýär. 

Saýlaw möwsüminiň möhüm tapgyrlarynyň biri bolan dalaşgärleri hödürlemek çäresi, ýurdumyzyň saýlaw kanunçylygyna laýyklykda, 8-nji maýda başlandy we guramaçylykly dowam edýär. Bu jemgyýetçilik-syýasy çärä taýýarlyk görmegiň çäklerinde häzirki wagtda Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan, Agrar partiýadan, şeýle hem raýatlar toparlaryndan wekilleri hödürlemek boýunça mejlislerdir ýygnaklar geçirilýär.

Saýlaw kodeksine laýyklykda, dalaşgärleri hödürlemek boýunça geçirilýän mejlislerde we ýygnaklarda dalaşgärlige hödürlenilýänleriň çäklendirilmedik sany ara alnyp maslahatlaşylyp, ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň deputatlygyna halkyň has mynasyp wekilleri dalaşgärlige hödürlenilýär. Ähli saýlaw okruglarynda bir deputatyň ýerine birnäçe dalaşgär hödürlenilýär.

Jemgyýetçilik-syýasy çärä milli synçylaryň gatnaşmagy saýlawlaryň açyklyk esasynda, kadalara laýyklykda geçirilmegine ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, bu saýlawlarda syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary we raýatlar toparlary tarapyndan bellenilen milli synçylaryň 76-sy bellige alyndy hem-de olara şahsyýetnamalar gowşuryldy.

Şeýlelikde, dalaşgärleri hödürlemek 6-njy iýuna çenli, olary bellige almak bolsa 11-nji iýuna çenli dowam eder. Dalaşgärler okrug saýlaw toparlarynda bellige alnar. Şondan soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna dalaşgärleriň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalary boýunça telewideniýedäki çykyşlary, degişli saýlaw okruglarynda saýlawçylar bilen duşuşyklary başlanar.