Maliýe we ykdysadyýet ministrligi 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamaga borçlandyryldy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» ugur alyp, Türkmenistanyň Býujet kodeksine laýyklykda, Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Türkmenistanyň maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalaryny öz wagtynda taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi:
— Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Türkmenistanyň maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalaryny taýýarlamak işlerini guramaga we olary 2024-nji ýylyň 1-nji noýabryna çenli Ministrler Kabinetine bermäge;
— ýokarda görkezilen taslamalary düzmek üçin hasaplama görnüşlerini we usulyýet görkezmelerini ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň häkimliklerine 2024-nji ýylyň 5-nji iýunyna çenli ibermäge;
— bu taslamalary taýýarlamak üçin hünärmenlerden ybarat iş toparyny döretmäge we onuň işini netijeli guramaga borçly edildi.