Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçiriler
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli, 5-nji iýunda «Türkmenistan — ekologiýa abadançylygynyň mekany» ady bilen ylmy-amaly maslahat geçiriler. Sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew bu ylmy-amaly maslahata görülýän taýýarlyk işleri barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, maslahata oba hojalyk toplumynyň degişli ýolbaşçylarynyň hem-de hünärmenleriniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, halkara we sebit guramalarynyň, ýurduň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, alymlaryň, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň, talyplaryň gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar. Foruma sanly ulgam arkaly daşary ýurtly gatnaşyjylar hem goşularlar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli geçiriljek ylmy-amaly maslahatyň ýokary derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Bu barada TDH habar berýär.