Türkmenistanyň günbatar sebitinde täze çagalar dynç alyş merkezi açyldy
Türkmenistanyň günbatar sebiti — Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda 31-nji maýda «Arkadagly nesiller» atly döwrebap çagalar dynç alyş merkeziniň gurlup ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, bu çagalar dynç alyş merkezi 2022-nji ýylda durmuş, ykdysady we medeni ösüşde iň ýokary görkezijileri gazanmak ugrunda welaýatlaryň etraplarynyň, etrap hukukly şäherleriniň arasynda geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolmagy mynasybetli, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň degişli Buýrugyna laýyklykda, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyna baýrak hökmünde gowşurylan 1 million amerikan dollary möçberindäki pul serişdeleriniň hasabyna guruldy. Şol serişdeler çagalar dynç alyş merkeziniň gurluşygyna we ondaky desgalaryň öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilmegine gönükdirildi.
Dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat halk maslahatynyň agzalary, welaýat, şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, etrabyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Toý lybasynda bezelen täze toplumyň çäginde joşgunly aýdym-sazlar ýaňlanyp, şatlyk-şowhun höküm sürdi.
Döwrebap çagalar dynç alyş merkezinde ýaş nesilleriň wagtyny şatlykly, işjeň, manyly geçirmekleri üçin ähli şertler bar.
Toplum çagalar dynç alşynyň guralmagy babatda häzirki zaman talaplaryna we gurluşyk ülňülerine laýyklykda gurlupdyr. Dynç alyş merkezinde maşgala bolup dynç almak üçin hem amatly şertler döredilipdir. Bu ýerde ulular, eýýäm kiçi ýaşdan başlap işjeň dynç almak, sport bilen meşgullanmak endiklerini kemala getirýän çagalar öz boş wagtyny gyzykly we şadyýan geçirip bilerler. Merkeziň çäginde dürli attraksionlar, oýun enjamlarynyň zaly, garbanyşhana, çaga oýnawaçlarynyň dükany we beýlekiler ýerleşdirilipdir. Bu ýere gelýänler üçin baglaryň saýasynda amatly oturgyçlar hem goýlupdyr.
Çagalar dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasy Magtymguly etrabynyň ähli ýaşaýjylary üçin hakyky baýramçylyga öwrüldi. Onuň dowamynda tapawutlanan gurluşykçylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.