«Toyota Wildlander (Veranda) 2024» hödürlendi
2,0 litrlik basyş hereketlendirijisini ýa-da 2,5 litrlik hereketlendirijiniň esasynda benzin-elektrik gibrid ulgamyny özünde jemleýän «Toyota Wildlander» (başga bir at görnüşi «Veranda») ulagynyň 2024-nji ýyl üçin taýýarlanan nusgasy hödürlendi. Hytaýda bu ulagyň bahasy — 23900 dollardan 36500 dollar aralygynda.
«Toyota Veranda 2024» binýadynda eýýäm duralgada ýerleşdirmek üçin niýetlenen öňki we yzky datçikler, şeýle hem doly tizlikde uýgunlaşmak boýunça dolandyryş, hereket/gidiş duýduryşy we işjeň saklaýjynyny öz içine alýan «TSS Toyota» akylly ulgamy peýda boldy. Ähli modellerde täze 12,3 dýuýmlyk suwuklandyrylan kristally gural paneli bar.
Awtoulagda tekerleriň basyş datçikleri, panorama görnüş ulgamy, ses dolandyryşy, 4G tor goldawy, HUD displeýi, simsiz jübi telefonyna energiýa beriş mümkinçiligi, öň hatar oturgyçlaryny şemalladýan/gyzdyrýan we howany arassalaýan ulgamlar ornaşdyryldy.
«Toyota Veranda 2024» gabarasynyň ölçegleri 4665 x 1855 x 1690 mm, tigir binýady 2690 mm. Benzin nusgasynyň iň ýokary kuwwatlylygy 126 kW, iň ýokary öwrüm mümkinçiligi 206 Nm bolup, ulag üznüksiz üýtgeýän geçiriji (CVT) bilen enjamlaşdyrylandyr.
Benzin-elektrik gibrid ulgamynyň kuwwaty 160 kWt bolup, ol «E-CVT» yzygiderli üýtgeýän geçiriji bilen utgaşýar.