Diýseň az öndürilen «Lada Revolution» ulagynyň satuwda peýda bolmagy awtoulag muşdaklarynyň ünsüni çekdi
Diýseň seýrek bolan «Lada Revolution» sport awtoulagynyň odometrinde bary-ýogy 1000 km bolan nusgasynyň Russiýada satuwa çykarylmagy hemmeleri geň galdyran waka boldy.
«Lada Revolution» taslamasy 2001-nji ýylda önümçilige ornaşdyryldy. Ulaglary satmak boýunça platformalarda peýda bolan nusga bolsa «Revolution II» diýlip atlandyrylyp, ol kämilleşdirilen görnüşdir.
Onuň hereketlendirijisiniň kuwwaty — 215 at güýji. Çünki bu 2006-njy ýylda peýda bolan «Lada Revolution II» ulagynyň «Supersport» nusgasy. Onuň 0-dan 100 km/sag çenli tizlenme wagty bary-ýogy — 6,5 sekunt, iň ýokary tizligi bolsa — sagatda 260 km.
Şeýle ulaglaryň bary-ýogy onlarçasy öndürildi.