Şenbe güni birža söwdalarynda az kükürtli ýakyş mazudy satyldy

Şenbe güni, 1-nji iýunda, birža söwdalarynda daşarky bazarda Birleşen Arap Emirlikleriň işewürleri "Türkmennebit" Döwlet Konserninden az kükürtli ýakyş mazudyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 10 552 500,00 ABŞ dollaryna deň bolan 1 geleşik baglaşyldy.