Ilima Guseýnowa Hindistanda geçen halkara tennis ýaryşynyň altyn hem bürünç medallaryna eýe boldy

Türkmenistanly tennisçi Ilima Guseýnowa «Asian 14&U Grade A» halkara ýaryşynda altyn hem-de bürünç medallara eýe boldy.

Ýaryş 25-nji maý — 1-nji iýun aralygynda Hindistanyň Haýdarabat şäherinde geçdi.

Ýaryşa Ilima Guseýnowa bilen birlikde, ABŞ-dan, Singapurdan, Tailanddan, Hytaý Taýpeýinden hem-de ýer eýeleri bolan Hindistandan bolan tennisçi gyzlar gatnaşdylar.

 

Miraly Gasanowyň şägirdi üçünji orun ugrundaky duşuşykda hindi tennisçisi Karthika Harşa Orugantini 6:2, 6:2 hasabynda ahmyrda goýup, ýaryşyň bürünç medalyna mynasyp boldy.  

 

Guseýnowanyň has gowy netijesi onuň hindi tennisçisi Karthiko Padmakumar bilen bilelikde çykyş eden jübütleýin bäsleşiginde bellige alyndy. Final duşuşykda Guseýnowa/Padmakumar jübüdi hindi duetini — Kiran/Bakajini 6:3, 6:3 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi we altyn medala eýe çykdy.

Haýdarabatdaky gündizki duşuşyklar +40 gradusa golaý howa şertlerinde geçdi. Muňa garamazdan, ildeşimiz diýseň kämil fiziki taýýarlygyny hem ussatlygyny görkezmegi başardy.

Bu ýeňişler türkmen türgeniniň ýokary taýýarlygyny hem-de halkar arenasyndaky geljegini görkezýär.