Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesindäki Tennis toplumy «Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edildi

 

Afişa

Tenderler

Watan habarlary

Täleýnama

Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesindäki Tennis toplumy «Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edildi

SalamNews

Sport/Tennis

1 sagat öň

 

1-nji iýunda Aşgabat şäheriniň gözel künjeginde ýerleşýän Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda Çagalaryň tennis festiwaly geçirildi. Bu dabara Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlandy.

Bu ýerde Aziýanyň Tennis federasiýasy (ATF) tarapyndan Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň «Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilmegi mynasybetli degişli resminamanyň gowşurylýan pursatlary bolsa dabaranyň iň ähmiýetli pursatlaryny emele getirdi.

Şeýlelikde, Halkara Tennis federasiýasynyň (ITF) Merkezi hem-de Günbatar Aziýada tennisiň ösüşi boýunça wekili Amir Borgeý Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy Allaberdi Saparowa degişli resminamany gowşurdy.

 

Bu dereje Türkmenistana diňe bir iň uly tennis ýaryşlaryny geçirmek bilen çäklenmän, eýsem, bütin Aziýanyň türgenleri üçin türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirmäge mümkinçilik döredýär. Munuň özi sebitde tennisiň ösüşine hem-de ýerli oýunçylaryň ussatlyk derejesini kämilleşdirmegine ýardamyny ýetirer.

Olimpiýa şäherçesindäki Tennis toplumynyň iri halkara ýaryşlaryny geçirmek üçin zerur mümkinçilikleriň ählisini özünde jemleýändigini bellemek gerek. Çünki bu ýerde 4000 tomaşaçy orunlyk ýapyk kort hem-de açyk kortlar, türgenleşik meýdançalary we beýleki şertler bar.