Koreýanyň KOMEA-sy Türkmenistan bilen gämi gurluşygy we taslamalary ýerine ýetirmek babatynda işleşmegi meýilleşdirýär
Koreýanyň deňiz enjamy birleşmesi (KOMEA) «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesini ösdürmek boýunça Türkmenistanyň tehnologik hyzmatdaşy bolmaga taýýardyr. Bu baradaky maglumaty birleşmäniň wekili «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş- 2023» maslahatynda aýtdy.
Şeýle hem KOMEA-nyň wekilleri suwuklandyrylan tebigy gazy daşamak boýunça koreý öndürijilerinden iň täze deňiz çözgütleri bolan «Wolgo don maks» kiçi gämisiniň gurluşygy babatynda hyzmatdaşlyk etmek barada meýillerini beýan etdiler.
Şunuň bilen bir hatarda Türkmenistanyň OPR (ösüş maksatlarynda resmi kömek) birikmegi barada teklip aýdyldy, ol senagat taslamalaryny ýerine ýetirmek üçin degişli grantlaryň bölünip berilmegini göz öňünde tutýar.
Günorta Koreýa türkmen gämi abatlanylýan kärhanasynyň döwrebaplaşdyrylmagyny amala aşyrýar, gämileriň bilelikde taslanylmagy, şeýle hem gämi abatlamagyň tehnologiýasynyň geçirilmegi bilen meşgullanýar.