Türkmen hünärmenleri «Russiýanyň demir ýollarynyň» Korporatiw uniwersitetinde okuw geçerler

Türkmen hünärmenleri «Russiýanyň demir ýollarynyň» (РЖД) Korporatiw uniwersitetinde okuw geçerler – diýip, TASS habar berýär.

 

Mundan başga-da, Türkmenistanyň we Russiýanyň demir ýol edaralary 2025-nji ýyla çenli ýük daşamalaryny sanlylaşdyrmak boýunça meýilnama gol çekdiler, ol bilelikdäki programma önümleriniň işlenip düzülmegini göz öňünde tutýar.

 

Kompaniýanyň baş direktorynyň birinji orunbasary Sergeý Pawlow bu resminama barada şeýle gürrüň berdi:

 

— Ol örän köptaraply bolar, biziň häzir gol çeken resminamamyz — 2025-nji ýyla çenlidir. Ýöne beýle diýildigi 2025-nji ýylda hemme zadyň bes edilýändigini aňlatmaýar. Biz özara hyzmatdaşlygyň maksatnamasyny işläp düzýäris, ol täze programma önümleriniň işlenip düzülmegini, bilelikdäki programma önümleriniň işlenip taýýarlanmagyny, tehnikanyň täzelenmegini we iň esasysy, işgärleri okatmagy we hünärmenleri bilelikde taýýarlamagy öz içine alýar.

 

«Russiýanyň demir ýollarynyň» (РЖД) wekiliýeti halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ösdürilmegine bagyşlanan maslahatyň çäklerinde Aşgabatda boldular.