Aşgabatda Italiýanyň milli baýramy bellenip geçildi
«Ýyldyz» myhmanhanasynda Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň guramagynda Italiýanyň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli resmi kabul edişlik geçirildi.
Bu çärä ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň, ýurdumyzyň daşary ýurt ilçihanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.
«Türkmen-italiýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary 32 ýyllyk ýakyn diplomatik gatnaşyklardan gözbaş alýar. 2024-nji ýylyň 6-njy martynda Italiýa we Türkmenistan Milan bilen Aşgabadyň arasynda ilkinji ýolagçy gatnawlarynyň açylmagy bilen has ýakynlaşdy. Göni howa aragatnaşygy, medeniýet, syýahatçylyk we işewürlik ýaly köp ugurda halklarymyzyň arasyndaky täsiriň artmagyna uly goşant boldy» — diýip, kabul edişligiň dowamynda eden çykyşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew belläp geçdi.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella Italiýanyň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.