Russiýada elektrik awtoulaglaryna isleg artar
«ВТБ» toparynyň seljerijileriniň çaklamalaryna görä, Russiýa Federasiýasynda elektrik awtoulaglaryna isleg 2024-nji ýylda 63% öser, ruslaryň 40 müňe golaý awtoulag satyn almagyna garaşylýar. Munuň özi bazar üçin üçin rekord görkeziji bolar. Seljerijileriň bu hasaplamalarynda gibrid awtoulaglary hem göz öňünde tutulandyr.
— 5 aýyň dowamynda Russiýada takmynan 11 müň elektrik awtoulagy satyldy. Munuň özi geçen ýylyň degişli görkezijisinden dört esse ýokarydyr. Elbetde, bu ýerde häzirki islegiň depgini, toruň artmagynyň meýilleşdirilen iki esse derejesi hem-de «çalt» energiýa berýän sebitleriň sany göz öňünde tutuldy. Umuman aýdanyňda, «ВТБ» ýylyň ahyryna çenli bu ulaglaryň satuwynyň 63% boljakdygyny — 40 müň birlige çenli ýokarlanjakdygyny çaklaýar — diýip, «ВТБ» toparynyň metbugat gullugy beýan etdi.
Ýeri gelende bellesek, 2023-nji ýylda Russiýa Federasiýasynda elektrik awtoulaglarynyň satuwy sekiz esse artyp, 24,4 müňe ýetdi.