Hökümetara şertnama Hazaryň üstünden uzaýan ugur boýunça ýükleri daşamagyň möhletini iki esse azaldar
Gazagystanyň Parlamenti Hazaryň üstünden uzaýan halkara ulag ugruny ösdürmek boýunça Hytaý Halk Respublikasy bilen hökümetara şertnamany tassyklady. Ylalaşygyň ýerine ýetirilmegi bu logistika geçelgesi boýunça Hytaýdan Ýewropa Bileleşigine harytlaryň iberiliş möhletini iki esse azaltmalydyr.
Resminamanyň maksady Russiýanyň üstünden aýlanyp, Hytaý bilen Ýewropanyň arasynda haryt dolanyşygyny üpjün etmäge mümkinçilik berýän ugur — Hazaryň üstünden geçýän ýol boýunça multimodal ýük gatnawyny ösdürmekdir. Bu sepgide ýetmek üçin Gazagystanyň we Hytaýyň çäginden haryt daşamak boýunça amatly şertleri döredýän ýol, deňiz we demir ýol ulaglarynyň artykmaçlyklaryndan peýdalanmak teklip edilýär.
Häzirki wagtda Hytaýdan Ýewropa ýükleri üstaşyr daşamagyň wagty 19 — 23 gün bolup, şonuň 6 güni Gazagystanyň çäginden geçýär. Ýük alymynyň möçberi — 6 million tonna. Ylalaşygyň çäginde 2027-nji ýyla çenli ýük gatnawyny artdyrmak meýilleşdirilýär. Hytaýdan Ýewropa 10 million tonna çenli ýükleriň daşamagyň umumy tizligi 12-13 gün bolar.