Sişenbe güni, birža söwdalarynda nebithimiýa önümleri hem-de Türkmen el halysy ýokary islege eýe boldy

Sişenbe güni, 4-nji iýunda, birža söwdalarynda içerki bazarda ýerli işewürler "Türkmennebit" Döwlet Konserninden “TPP D 30 S” kysymly polipropileni, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginden Türkmen el halysyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 604 879,68 manada deň bolan 2 geleşik baglaşyldy.