Anri Fransiýanyň Olimpiýa ýygyndysyny mälim etdi, ýyldyz oýunçy sanawa alynmady

Tälimçi Týerri Anri Fransiýanyň Olimpiýa ýygyndysynyň düzümini mälim etdi. Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna ýer eýesi hökmünde gatnaşýan Fransiýanyň Olimpiýa toparyna çagyrylan oýunçylaryň arasynda Kilian Mbappeniň ady ýok. Aslynda fransiýaly ýyldyz oýunçy bu ýaryşa gatnaşmak isläpdi. Sebäbi ýyldyz oýunçynyň täze kluby özleriniň täze super ýyldyzynyň Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaklaryny isläp baranoklar. Şol sebäpli-de Anri Mbappeni düzüme goşmady. Aslynda tälimçi Anri ýyldyzlardan – Antuan Grizmann, Oliwie Žiru hem-de Kilian Mbappe üçüsini düzüme almak isläpdi. Mälim bolşy ýaly, Olimpiýa ýygyndysyndaky oýunçylar 23 ýaşdan kiçi bolmaly. Diňe 23 ýaşdan 3 futbolça ygtyýar berilýär. Sebäbi Mbappeniň Ýewropa çempionatyndan soň dynç almaga ýekeje pursaty hem bolmaz we ýyldyz oýunçy dessine Olimpiýa ýygynda goşulmaly bolar. «Real Madrid» topary «öňdengörüjilikli» hereket edip, mart aýynda Fransiýanyň futbol federasiýasyna düzümindäki fransuz futbolçylarynyň hiç birini hem ugratmajakdyklaryny beýan edipdiler.

Şeýle-de bolsa, Anri düzümi boş goýmady. Möwsümi şowly tamamlan 23 ýaşdan uly bolan – Aleksander Lakazett, Žan-Filip Mateta ýaly tejribeli hüjümçileri ýygynda aldy. Olardan başga-da, Kefren Turam, Mikail Olise, Matys Tel, Bredli Barkola, Arnaud Kalimuendo, Warren Zair-Emeri ýaly möwsümde öňe saýlanan ýaş ýyldyzlary tomusky Olimpiýa oýunlaryna çagyrdy. Altyn medalyň esasy dalaşgärleriniň hatarynda görkezilýän Fransiýanyň Olimpiýa topary «A» toparçada ABŞ-nyň, Gwineýanyň hem-de Täze Zelandiýanyň U23 düzümleri bilen duşuşar.

Pariž 2024 tomusky Olimpiýa oýunlary 26-njy iýulda başlap, 11-nji awgustda-da tamamlanar. Futbol duşuşyklary 24-nji iýul – 9-njy awgust aralygynda geçiriler.