Mejlisiň Başlygy Çehiýanyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Çehiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lýubomir Frebortdan ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, Mejlisiň Başlygy Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän dostlukly gatnaşyklaryň hem-de netijeli döwletara dialogyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen işinde oňa üstünlikleri arzuw etdi.
Diplomat türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Çehiýa Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň Prezident Serdar Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Ilçi parahatçylyk söýüjilikli syýasaty hem-de oňyn başlangyçlary bilen halkara derejede uly abraýa eýe bolan Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň belent mertebedigini aýdyp, iki ýurduň hem-de dostlukly halklaryň bähbidine türkmen-çeh hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin ähli tejribesini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Söhbetdeşligiň barşynda diplomat Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşmalaryň barşynda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda, şeýle hem parlament derejesinde hyzmatdaşlygy ösdürmekde gazanylan netijeleriň möhümdigi nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda Çehiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ýene bir gezek ynandyrdy.