Bütindünýa daşky gurşaw güniniň öňisyrasynda BMGÖM talyp ýaşlary bilen Aşgabat şaherindäki BMG-nyň binasynda duşuşyk geçirdi
BMGÖM Türkmenistandaky ÝUNISEF bilen bilelikde 2024-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň (HGI) binasynda geçirilen Halkara Ene Ýer Gününi bellemek mynasybetli ýurduň talyplary bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda BMGÖM-iň hünärmenleri talyplar bilen Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde we howa krizisine garşy göreşmekde ýaş nesliň orny, has durnukly şäherleri döretmek, rejeli sarp etmek we galyndylary dolandyrmak ýaly temalary ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistandaky BMGÖM-iň “Durnukly şäherler” hünärmenleri duşuşyga gatnaşyjylary elektroenergetika pudagynda energiýa netijelilik boýunça innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça taslamanyň netijeleri bilen tanyşdyrdylar.
Duşuşyk, Türkmenistandaky BMGÖM tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň HGI bilen bilelikde 2030-njy ýyla çenli döwri üçin Durnukly ösüş pudagynda gün tertibine ýaşlary çekmek üçin başlanan "#TurkmenYouth4SDGs" bilim sessiýalarynyň bir bölegi hökmünde gurnaldy.