Daşoguz welaýatynyň ilatyna döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň ençemesi sowgat edildi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny aşyrdy we bu ýerde ýurdumyzda bir bitewi halkalaýyn energoulgamyny döretmegiň taslamasynyň çäginde «Balkan–Daşoguz» ugry boýunça her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan täze howa elektrik geçirijisini we beketleri işe girizmek dabarasyna gatnaşdy. Dabaralaryň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynyň ilatyna döwrebap ýolagçy awtobuslaryny sowgat etmegi hemmeleriň buýsanjyny goşalandyrdy. Munuň özi Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň görkezijisine öwrülen taryhy ähmiýetli wakalaryň üstüni ýetirdi.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenawtoulaglary” agentiliginiň «Daşoguzawtoulag» önümçilik birleşigine ýolagçy awtobuslary gowşuryldy. «TOYOTA HIACE» kysymly kiçi synply döwrebap awtobuslaryň we «TOYOTA COASTER» kysymly orta synply awtobuslaryň gowşurylmagy bilen «Daşoguzawtoulag» önümçilik birleşiginiň maddy-enjamlaýyn binýady has-da kämilleşdirildi. Bu awtobuslaryň şäherýaka ugurlary boýunça hereket etmegine garaşylýar.
Açylyş dabarasyna gatnaşyjylar bu ajaýyp sowgat üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyklaryny beýan etdiler.