220 kilogramlyk ýük üçin akylly welosiped

«SNOOQ» diýen at bilen belli boljak önümde agyr çarçuwaly we uly 24 dýuýmlyk öň tigir hem-de 20 dýuým ölçegdäki yzky tigirler bar. Munuň özi ulagyň çarçuwasy üçin 10 ýyllyk kepillikdir. «SNOOQ» ýük welosipedleriniň DIN 79010: 2020-02 ýük welosiped we DIN EN 15194 elektron welosiped ülňülerine laýyk gelýändigini geçirilen synaglar tassyklaýar. Şeýlelikde, bu önüm iň ýokary hil ülňülerine hem laýyk gelýär.

Akylly ulgam «eBike Flow» goşundysyndan, dolandyryş mümkinçiliginden, displeýden, batareýadan we sürüjilik bölüminden ybaratdyr. «BOSCH Performance Line CX Cargo» elektrik hereketlendirijisiniň öwrüm pursatyndaky mümkinçiligi — 85 Nm. Modeliň «Bosch PowerPack 545/725 Wt*s» akkumulýator batareýalary çarçuwada, oturgyçda ýa-da aşaky turbada gurnalandyr.

«Kiox 300» ýa-da «Kiox 500» displeýi welosipediň açarydyr. Eýesiniň ekranyň öňünden aýrylmagy bilen welosiped gulplanýar. Welosipediň displeýiniň kamerasynyň eýesini bardygyny duýmaýan ýagdaýynda ol hiç ýere hereket etmeýär. Multisensorly «Drive Unit» ulgamy sürüji bilen elektron welosipediň arasyndaky iň amatly täsirleşmäni üpjün edip, sekuntda tizligi 1000 gezekden hem gowrak ölçeýär.

Ulagyň gurluşynda «Gates» karbon guşagy we 203 mm ölçegdäki saklaýan diskli 4 pistonly «Magura MT5» saklaýjysy bar. «SNOOQ» «enviolo Heavy Duty» hereket ulgamyna eýelik edýär. Üznüksiz üýtgeýän awtomatiki tehnologiýa — «enviolo» ulgamy welosipediň çarhyny dagdan ýokarlygyna ýa-da aşaklygyna hereket edilende hem şol bir tizlikde ulanmagy utgaşdyrýr. «Enviolo» ulgamyna berkidilen tegegiň ýapylmagy merkeziň daşarky täsirlerden goragyny üpjün edýär we tehniki hyzmaty talap etmeýär.

«SNOOQ» dürtgüji «SR Suntour MOBIE34» 80 mm hereket ätiýaçlygy bilen öňdäki asma hökmünde hyzmat edýär. Ol ulaga münüp barýarkaň rahatlygy we howpsuzlygy kepillendirýär. Ulaga boýy 155-195 sm bolan adamlar üçin «Bir ölçeg — hemmelere laýyk» diýen at bilen belli bolan çarçuwa ornaşdyrylypdyr.

Sürüji üçin göz öňünde tutulan agram — 140 kg. Welosipediň umumy göterip bilýän agramy — 220 kg. Ýük üçin niýetlenen ýörite bölegiň mümkinçiligi 100 kg barabardyr. Öňdäki sütün bolsa 25 kg agyrlyk üçin niýetlenendir.