«UFC-niň» täze reýtingi mälim edildi

Nýu-Jerside geçirilen «UFC 302» tutluşyklaryndan soň «UFC» söweşijileriň täze reýtingini mälim etdi. Ýeňil agram boýunça sanawyň lideri Islam Mahaçew ornuny saklady. Russiýaly türgen «UFC 302» tutluşyklarynyň çäginde amerikaly Dastin Porýeni ýeňlişe sezewar edipdi. Ýeňil agramyň beýleki diwizionlarynda-da russiýaly Arman Sarukýan, braziliýaly Çarlz Oliweýra hem-de amerikaly Jastin Getži öňdäki 3 ornuň eýesidir.

Ähli agramlary hasaba alanyňda, umumy sanawyň başyny Mahaçew çekip gelýär. 2-nji ýerde amerikaly Jon Jons bolup, 3-nji ýeri britaniýaly Leon Edwards eýeleýär.