Bakuda türkmen akyldary we şahyry Döwletmämmet Azady baradaky kitap tanyşdyryldy
Azerbaýjanda XVIII asyryň görnükli türkmen akyldary we şahyry Döwletmämmet Azadynyň döredijiligi barada azerbaýjan we rus dillerinde neşir edilen ««Вагзы-Азат»: вчера, сегодня, завтра. Об утопическом или реальном мире рассуждал Довлетмаммед Азади?» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bu kitaby meşhur azerbaýjan publisisti, syýasatşynas, CBC teleýaýlymynda gepleşigiň alyp baryjysy Teýmur Ataýew ýazdy, diýip АЗЕРТАДЖ habar berýär.
Tanyşdyrylyş dabarasy Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasynyň Nyzamy adyndaky Edebiýat institutynda Magtymguly adyndaky Türkmen edebiýaty merkeziniň açylyşynyň çäklerinde geçirildi.
Kitap Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçihanasynyň goldaw bermeginde Ylym neşirýaty (Aşgabat) tarapyndan çap edildi. Kitabyň ylmy redaktory türkmen alym-filology Mergen Gurbanow.
Rus bilen azerbaýjan diline Ilgar Alfi terjime etdi.
Döwletmämmet Azady diňe bir halkynyň däl, eýsem, tutuş türki dünýäniň paýhas genji hazynasydyr.
Kitabyň sözbaşysynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň bölüm müdiri Rahmanberdi Godarow Teýmur Ataýewiň Azadynyň taglymlarynyň ähmiýetini açyp görkezendigini belleýär. Rahmanberdi Godarowyň bellemgine görä, awtor Azadynyň 300 ýyl mundan ozal “Wagzy azat” poemasynda beýan eden taglymlarynyň häzirki günde hem diňe bir türki dünýäsi üçin däl, eýsem, tutuş adamzat üçin ähmiýetlidigini ylmy esasda inçelik bilen görkezýär.
Teýmur Ataýewiň bu eseri onuň türki dünýäniň görnükli şahsyýetleri baradaky ylmy-barlag işleriniň dowamydyr. Ozal Ataýewiň Gabdulla Tukaýa (Kazan, 2019), Amir Timura (Daşkent, 2020), Abaý Kunanbaýewa (Astana, 2020) we Çingiz Aýtmatowa (Bişkek, 2023) bagyşlanan eserleri neşir edildi.