Ýurdumyza enjamlaryň we bitewi halkalaýyn energoulgamyň gurluşygynda alnyp barlan işleriň ýokary hilini tassyklaýan halkara güwänamalaryň üçüsi gowşuryldy
Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmegiň taslamasynyň çäginde gurlan Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisini we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketlerini işe girizmek dabarasyna gatnaşdy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň bu möhüm wakasy milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmakda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde wajyp ähmiýete eýe bolan ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň ösüş taryhynda nobatdaky sahypany açdy.
Açylyş dabarasynda daşary ýurtly myhmanlara söz berildi. Olar Türkmenistanyň energetika ministrine enjamlaryň we bitewi halkalaýyn energoulgamyň gurluşygynda alnyp barlan işleriň ýokary hilini tassyklaýan halkara güwänamalaryny gowşurdylar.
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Fraunhofer adyndaky Energetika ykdysadyýeti we energiýa ulgamlary tehnologiýasy institutynyň baş geňeşçisi, doktor Harald Apel halkalaýyn energoulgamy gurmakda ulanylan enjamlaryň ýokary hilini tassyklaýan güwänamany gowşurdy.
GFR-iň «Duisburg-Essen» döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy Bernd Reinhold Rosine halkalaýyn energoulgamyň inženerçilik işleriniň durnuklylygyny, ýokary netijeliligini tassyklaýan güwänamany buýsanç bilen gowşurdy.
GFR-iň «DEKRA» institutynyň sebitleýin direktory hanym Ýulia Otta Garaşsyz Türkmenistanda halkalaýyn energoulgamyň döredilendigi baradaky ýakymly habaryň Germaniýanyň bu ylmy-barlag institutynda uly gyzyklanma döredendigini aýtdy. «DEKRA» Energetika hartiýasynyň agzasy bolmak bilen, dünýäde gurulýan energetika desgalarynda ulanylýan tehnologiýalaryň hiline aýratyn üns berýär. Ýulia Otto halkalaýyn energoulgamda gurlan beketleriň ýokary tehnologiýalylygyny we howpsuzlygyny tassyklaýan güwänamany gowşurdy.