Ýurdumyzda biotehnologiýa usullary esasynda täze önümler taýýarlanyldy
Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň Azyk tehnologiýalary barlaghanasynda azyk biotehnologiýa usullary ulanylyp, ekologiýa taýdan arassa we ykdysady taýdan peýdaly hem importuň ornuny tutýan täze önümleri taýýarlamak boýunça netijeli işleri alnyp barylýar.
Ylymlar gününe gabatlanyp, Tehnologiýalar merkeziniň Azyk tehnologiýasy barlaghanasynyň alymlary tarapyndan birnäçe täze önümler hödürlendi. Ýaş alymlar barlaghana şertlerinde kädi ununy (Cucurbita moschata) almagy başardylar.
Ylmy gözlegler kädi ununda β-karotiniň, belogyň, süýümiň, witaminleriň (B1-B6, C, E) we minerallaryň (Ca, Mg, Fe, Zn we ş.m.) ýokary göterimdedigini görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, Tehnologiýalar merkeziniň alymlary çörek we konditer önümleriniň düzümini β-karotin, belok we minerallar bilen baýlaşdyrmak üçin kädi unundan peýdalandylar. Merkeziň azyk tehnologiýasy barlaghanasy kädi uny bilen baýlaşdyrylan köke gutapjyklaryny taýýarladylar. Gutapjyklarda ýakymly ysy, süýji tagamy, sary reňki we organoleptiki aýratynlyklary bilen tapawutlanýan 10% kädi uny bar. Taýýar önüm A witaminiň ýetmezçiliginiň öňüni alyp biljek β-karotine baýdyr.
Merkeziň alymlary tarapyndan taýýarlanan kädi uny diňe bir çörek önümleriniň düzümini baýlaşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, azyk senagatynda tebigy reňk beriji hökmünde ulanylar. Merkeziň alymlary häzir kädi ununy we ondan köke gutapjyklaryny azyk önümçiligine girizmegiň üstünde işleýärler.