Portlaryň gurluşygyny we ösüşini maliýeleşdirmek işi işewürlik ulgamynyň wekillerine ynanylar
2025-nji ýyldan 2030-njy ýyla çenli Russiýanyň deňiz portlaryny gurmak we ösdürmek üçin meýilleşdirilen taslamalaryň maliýeleşdirilmegi üçin 541,1 milliard rubla barabar serişdäniň gerek boljakdygyny ulag ministri Roman Starowoýtyň çykyşyna salgylanýan «Interfaks» habar berýär. Bu serişdäniň diňe 41,1 milliard rubla barabar möçberi federal býujetden bölünip berler.
«Deňiz portlarynyň ulgamyny ösdürmek üçin 16 deňiz portunda 30 çäräni durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Bu bolsa 2025-nji ýyldan 2030-njy ýyla çenli olaryň kuwwatyny takmynan 232 million tonna artdyrar» — diýip, Roman Starowit tassyklaýar.
Milli taslamanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde Azowo-Gara deňiz basseýninde port kuwwatynyň 38,6 million, «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesinde 5,3 million, Demirgazyk-Günbatarda 66,4 million, Uzak Gündogarda 121,49 million tonna bolmagyna garaşylýar.
Tanyşdyryş dabarasyndaky esasy taslamalaryň arasynda «Port Elga» (Habarowsk sebiti) deňiz kömür terminalyny ösdürmek, «Noworosiýsk gämi abatlaýyş kärhanasy» paýdarlar jemgyýetiniň ählumumy ýük ulaglary toplumynyň we Korsakow (Poronaýsk) portundaky ýük sebitiniň gurluşygy bar. Üstaşyr konteýner ýüklerini daşamak üçin günbatar ulag we logistika merkezini döretmek işi bolsa munuň üstüni ýetirýär.