Aşgabatda energetika pudagynyň möhüm meseleleri boýunça halkara maslahat geçirildi
Paýtagtymyzda «Energetika mümkinçilikleri, täze tehnologiýalar we uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň ekologik jähtleri» atly halkara ylmy maslahat öz işine başlady.
6-njy iýuna çenli dowam etjek bu maslahat dünýäniň 31 ýurdundan 250-den gowrak wekili, şol sanda öňdebaryjy halkara energetika kompaniýalarynyň hem-de guramalarynyň wekillerini bir ýere jemledi.
Bu çäre Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe gabatlanyp geçirilýär we energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygygny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Iki günüň dowamynda gatnaşyjylar energetika pudagy bilen baglanyşykly esasy meseleleri, şol sanda energetika pudagynyň durnukly ösüşini ara alyp maslahatlaşarlar, bu ulgamdaky täze tehnologiýalara serederler.
Mundan başga-da maslahatda uglewodorod serişdelerini gazyp almakda innowasion çemeleşmeleri, parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azalatmagyň usullaryny ara alyp maslahatlaşarlar, “ýaşyl” energetikany ilerletmek we ony ösdürmek üçin şertleri döretmek boýunça teklipleri diňlärler. Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine geçmek we türkmen energiýasyny dünýä bazarlaryna ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berler.