Türkmenistan 2023-nji ýylyň güýzünde TRASEKA-nyň doly hukukly agzasy bolar
Türkmenistan eýýäm şu ýylyň güýzünde TRASEKA-nyň agzasy bolup biler. Bu barada maksatnamanyň hökümetara toparynyň hemişelik sekretariatynyň baş sekretary Aset Asawbaýew beýan etdi.
«Türkmenistan bu gurama girmek bilen, özüniň ulag pudagynyň ösüşini, şeýle hem ýük daşamalaryny sanlylaşdyrmak işlerini tizleşdirip biljekdigini bellemek isleýärin. Mundan başga-da, onuň TRASEKA-nyň 13 agza-ýurduna ýönekeýleşdirilen elýeterliligi bolar. Öz gezeginde, MA ýurtlarynyň ulagyny ösdürmegiň täze mümkinçilikleri açylar» - diýip, Asawbaýew aýtdy.
TRASEKA — «Ýewropa-Kawkaz-Aziýa» ulag geçelgesini guramak boýunça halkara hyzmatdaşlyk maksatnamasydyr. Maksatnamanyň esasy maksady –harytlaryň Merkezi Aziýadan Ýewropa we tersine ygtybarly üpjün edilmegini gazanmak üçin ýurtlaryň ulag kommunikasiýalaryny birleşdirmekdir.
Ozal Asawbaýew TRASEKA-nyň ýurtlaryň halkara geçelgelerini döretmek işinde utgaşdyrylan hereketlere uly üns berýändigini belläpdi.