Russiýa we Braziliýa üçünji bir ýurda garaşsyz logistika ugruny işläp düzýär
Russiýa we Braziliýa üçünji bir ýurduň araçylygyna garaşsyz logistika ugurlaryny ösdürer. Şeýle çäräniň zerurlygy barada Russiýa Federasiýasynyň ykdysady ösüş ministriniň orunbasary Wladimir Iliçew Peterburg halkara ykdysady forumynda eden çykyşynda belledi.
«Ikitaraplaýyn söwda akymlaryny has-da ýokarlandyrmak üçin möhüm şertleriň biri hem üçünji ýurduň araçylygyndan garaşsyz durnukly logistika ugurlaryny döretmekdir.
Braziliýanyň tarapyny bu mesele boýunça bilelikde işlemäge çagyrýarys» — diýip, ýolbaşçy belledi. Iliçew Braziliýanyň Russiýa getirýän esasy harytlarynyň arasynda soýanyň, kofeniň we doňdurylan etiň bardygyny ýada saldy. Russiýanyň soýa importynda Braziliýanyň paýy 80 %-den gowrakdy. Esasy dökünler köp ýyl bäri Braziliýa üçin eksport elementi bolup durýar. Peterburg halkara ykdysady forumy 5 — 8-nji iýun aralygynda geçýär.