Russiýada Peterburg halkara ykdysady forumy açyldy

«Ekspoforum» maslahat-sergi merkezinde dünýäniň iň iri we iň möhüm işewürlik wakalarynyň biri bolan Peterburg halkara ykdysady forumy öz işine başlady.

Bu ýyl forumyň esasy mowzugy «Köp polýarlygyň esaslary – täze ösüş merkezlerini döretmek» diýlip atlandyrylar.

Forumyň esasy iş meýilnamasy dört mowzuklaýyn bölüme bölünýär – «Dünýä ykdysadyýetiniň köp polýarly nusgasyna geçiş», «Russiýanyň ykdysadyýeti: täze tapgyryň maksatlary we wezipeleri», «Ýolbaşçylygy üpjün edýän tehnologiýalar» we «Sagdyn jemgyýet, adaty gymmatlyklar we jemgyýetçilik ösüşi – döwletiň ileri tutýan ugurlary».

Forumyň dowamynda esasy mowzukdan başga-da, BRIKS-e we ŞHG-ä agza ýurtlar bilen ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda halkara hyzmatdaşlygynyň meseleleri we halkara ulag geçelgesi hökmünde Demirgazyk deňiz ýoluny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Forumyň maksatnamasy dürli formatlarda 150-den gowrak çäräni – umumy mejlisleri, strategiki mejlisleri, pikir alyşmalary, işwürlik ertirliklerini, telewizion çekişmeleri we tanyşdyryş mejlislerini öz içine alýar. Mundan başga-da, PHYF-niň çäklerinde «Derman serişdeleriniň howpsuzlygy» atly forum, «Işewür ýigrimiligiň» forumy, Döredijilik işewürlik forumy we Ýaşlar ykdysady forumy geçiriler.

«Urban Hub» meýdançasynda – şäherleşme pudagynda gözleglere we işewürlik hyzmatdaşlygyny ösdürmäge bagyşlanan halkara çekişme platformasynda şäherleri ösdürmegiň konsepsiýalary we täze tehnologiýalar barada pikir alyşylar. Şeýle hem «Sagdyn jemgyýet» mowzuklaýyn giňişligi hereket eder.

PHYF-niň çäklerinde 10-dan gowrak döwletara işewürlik dialogy meýilleşdirilýär. Hususan-da, Hytaýyň, Hindistanyň, BAE-niň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Latyn Amerikasy, Afrika we ASEAN ýurtlarynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşyklar meýilleşdirilýär.

Forumyň açylyş dabarasy 6-njy iýunda bolar. 7-nji iýunda geçiriljek forumyň umumy mejlisinde Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin çykyş eder.

Peterburg halkara ykdysady forumynyň işi 8-nji iýunda tamamlanar.