Tehnologiýalar merkezinde mäşden un alyndy we köke taýýarlandy

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny we howpsuzlygyny döretmäge, importyň ornuny tutýan önümleri taýýarlamaga aýratyn üns berilýär. Bu ugurda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň Azyk tehnologiýasy barlaghanasynyň esasy wezipeleri ekologiýa taýdan arassa iýmit önümleriniň täze görnüşlerini taýýarlamak, olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek we uzak möhletleýin saklamak tehnologiýalaryny kämilleşdirmek boýunça gözleg işlerini amala aşyrmakdan ybaratdyr. Merkeziň barlaghanalarynyň halkara ülňülerine laýyk gelýän enjamlar bilen enjamlaşdyrylandygyna hem aýratyn ünsi çekmelidiris.

Iýmit tehnologiýasy barlaghanasynda çörek önümleriniň düzümini baýlaşdyrmak we ýokumlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, mäş uny alyndy. Ýurduň ykdysady pudaklarynda ösdürilip ýetişdirilen mäş (Vigna radiata) ylmy-barlag işlerinde nusga hökmünde saýlanyp alyndy. Ylmy barlaglar mäş ununyň ýokumlylygynyň ýokarylygyny görkezdi. Mäş uny düzüminde glýuteniň ýoklugy, beloklara, süýüme, witaminlere, mikroelementlere we kaloriýalara baýlygy bilen tapawutlanýar. Häzirki wagtda noýba unundan öndürilen çörek önümlerine isleg bugdaý unundan has ýokary.

 

Tehnologiýa merkeziniň Azyk tehnologiýasy barlaghanasynda mäşiň unundan külke gutapjyklar taýýarlandy. Mäş unundan bişirilen külke gutapjyklar hoşboý ysly, owranyp duran bolup, az mukdarda glýuten belogyny öz içine alýar. Mäş unundan öndürilen çörek önümleri ýokary ýokumlylygy bilen tapawutlanýar, şeýle hem kesel, stress we surnukdyryjy işden soň adam bedenini dikeltmek üçin ähmiýetli iýmit önümi hökmünde ulanylyp bilner. Merkeziň laboratoriýasynda taýýarlanan külke gutapjyklar azyk senagaty kärhanalaryna hödürlener.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň Iýmit tehnologiýalary barlaghanasy:

+993(12) 398420

+99362 295942