Aşgabat kinoteatrynda «Mosfilmiň» altyn hazynasyndaky filmleriň görkezilişi bolýar

Aşgabatdaky Rus öýi sizi 7-9-njy iýun aralygynda Aşgabat kinoteatrynda geçiriljek «Mosfilm» kinostudiýasynyň 100 ýyllygyna bagyşlanan kino görkezilişine çagyrýar.

Çäreleriň meýilnamasy tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan:

«Moskwa gözýaşlara ynanmaýar»,

«Olar Watan üçin söweşdiler»,

«Iwan Wasilýewiç kärini üýtgedýär»

ýaly, «Mosfilm» kinostudiýasynyň altyn hazynasyndan alnan filmler görkeziler.

Filmleriň görkezilişi ertir Leonid Gaýdaýyň «Iwan Wasilýewiç kärini üýtgedýär» atly filmi bilen açylar.

Meýdançada surat sergisi guralar, bu ýere gelýänler ýadygärlik hökmünde surata düşüp bilerler.

Filmleriň görkezilişi şu gün 18:30-da Aşgabat kinoteatrynda başlanar. Mugt tölegsiz.

Rus nusgawy kinosynyň ýakymly dünýäsinde wagt geçirmek mümkinçiligini elden gidirmäň!