Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy tölegsiz we hemmeler üçin açyk boljak ýoga sapaklaryna çagyrýar

Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy hemmeler üçin açyk boljak ýoga sapaklaryny geçirjekdigini habar berýär.

Ýoga sapaklary ilçihana tarapyndan aşakdaky tertibe laýyklykda guralýar:

10-njy iýun — 18:30. Geçiriljek ýeri: Akwapark, Awaza.

12-nji iýun — 16:00. Geçiriljek ýeri: 7-nji sport mekdebi, Türkmenabat.

14-nji iýun — 08:30. Geçiriljek ýeri: Baýramaly şypahanasy, Mary.

21-nji iýun — 07:00. Geçiriljek ýeri: Olimpiýa şäheriçesi, Aşgabat.

Ýoga sapaklary — tölegsiz. Isleg bildirýänleriň ählisi we ýoganyň muşdaklary sapaga goşulyp bilerler we olar şu salgy boýunça öňünden hasaba durmalydyr.

Gatnaşýanlaryň hemmesine öz ýoga düşekçelerini (halyçalaryny) getirmegi we ýoganyň laýyk geýinmek maslahat berilýär.

Halkara ýoga güni her ýyl 21-nji iýunynda bellenilýär. BMG-niň Baş Assambleýasy bu baýramçylygy bellemek baradaky kararnamany 2014-nji ýylyň 11-nji dekabrynda kabul etdi.