Türkmenistanyň wekiliýeti Maglumat elýeterlilik merkezleriň administratorlary üçin guralan okuw maslahatyna gatnaşdy

27-nji maý — 7-nji iýun aralygynda Koreýa Respublikasynyň Milli maglumat agentligi Maglumat elýeterlilik merkezleriň administratorlary üçin okuw maslahatyny («2024 IAC Administrator Training Program») geçirdi. Bu çärä türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň wekilleri gatnaşdylar.

Okuw sapagynyň dowamynda koreý tarapynyň halkara ölçeglere laýyklykda taýýarlan meýilnamasy esasynda maglumatlary dolandyrmak, öwrenmek, şeýle-de emeli aňyň maglumatlara bolan elýeterliligini gazanmakdaky orny bilen bagly sapaklar guraldy.

Bellenilişi ýaly, saparyň okuw meýilnamasynda Türkmenistan maglumat elýeterliligindäki we ony innowasion usulda dolandyrmakdaky görkezijiler boýunça dünýäniň 60-a golaý saýlama ýurdunyň içinde ikinji orny eýelemegi başardy. Innowasiýa maglumat merkeziniň çäginde esaslandyrylan Maglumat elýeterlilik merkezi beýleki ýurtlardaky merkezleriň arasynda 2024-nji ýylyň aýratyn tapawutly baýragyna — «Best IAC CenterAward 2024» («2024-nji ýylyň iň gowy Maglumat elýeterlilik merkezi» baýragy) sylagyna eýe boldy.