Türkmen modelýeri Göwher Pirkulýewa Marokkoda geçen moda hepdeliginde hemmeleri haýrana goýdy
30-njy maýdan 1-nji iýuna çenli Marokkoda geçirilen «TFW-2024» ýokary moda hepdeliginde türkmen modelýeri Göwher Pirkulyýewa öz zehinden döredijiligini dolulygyna görkezdi. Tanžerdäki «MOULAY HFID» köşgünde hödürlenen ýygyndy özboluşlylygy we çuň manysy bilen tomaşaçylaryň hem moda tankytçylarynyň ünsüni özüne çekdi.
Göwer Pirkulýewa «Женщина сквозь века» (La femme à travers les âges) atly ýygyndyda türkmen medeniýetiniň däp-dessurlaryny we häzirki zaman moda tendensiýalaryny ussatlyk bilen birleşdirýän jemgyýetçilik eşiklerini görkezdi. Ýygyndy tomaşaçylara gadymyýetiň we döwrebaplygyň elementlerini özünde jemleýän Türkmenistanyň baý medeni mirasyny açdy.
Owadan nagyşlarda we ussatlyk bilen taýýarlanan egin-eşiklerde türkmen medeniýetine mahsus bolan gözellik hem täsinlik öz beýanyny tapýar.
Bu moda görkezilişi medeni däp-dessurlaryň ähmiýetini we olaryň häzirki zaman tendensiýalary bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagyny görkezip, modanyň taryhynda möhüm tapgyra öwrüldi.