«Demirýollary» AGPJ we IBA Group demir ýol pudagyndaky taslamalaryň üstünde işlemegi ylalaşdylar

«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri we IBA Group Halkara holdingi IT-tehnologiýalar we hünärmenleri okatmak babatynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi ylalaşdylar. Aşgabatda geçen ITTC-2023 ulag maslahatynyň meýdançasynda taraplar hyzmatdaşlyk etmek hakynda degişli ähtnama gol çekdiler.

 

IBA Group kompaniýasynyň Türkmenistanyň demir ýol edarasy bilen gepleşikleriniň barşynda ýurduň ugurdaş edaralarynyň milli demir ýol toplumynyň tehniki düzüm bölegini kämilleşdirmegiň üstünde hemişelik işleýändikleri nygtaldy.

«Türkmendemirýollary» agentliginiň we «Demirýollary» AGPJ-niň öňünde «Demirgazyk-Günorta» we «Gündogar-Günbatar» ugurlary boýunça ýükleriň daşalyş möçberini artdyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň üstaşyr mümkinçiligini iň ýokary derejesine çenli amala aşyrmak wezipesi durýar. Munuň üçin täze maglumat ulgamynyň işlenip düzülmegi we häzirki ulgamyň bolsa döwrebaplaşdyrylmagy zerurdyr.

 

Iş tejribesi barada gürrüň bermek bilen, IBA Group kompaniýasynyň Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynda satuw boýunça müdiri Gennadiý Molçanow 30 ýylyň dowamynda kompaniýanyň demir ýol dolandyryşlary üçin maglumatlar ulgamyny işläp düzmek boýunça köp taslamalary ýerine ýetirendigini belledi.

 

Soňky amala aşyrylan işleriň arasynda - «Gruzin demir ýoly» PJ üçin ERP-ulgamynyň ornaşdyrylmagy, «НК “КТЖ”» PJ - («Gazagystanyň demir ýollary» Milli kompaniýasy) üçin şertnamalaýyn we täjirçilik işini dolandyryş ulgamynyň işlenip düzülmegi we işe girizilmegi bardyr. Bu işler bu ugurdan ekspertizany döretmäge we işewürlik-prosesslerini sanlylaşdyrmak babatynda belli bir tejribäni toplamaga kömek etdi.

 

Duşuşygyň çäklerinde taraplar IBA Group kompaniýasynyň «Demirýollary» AGPJ-niň «Ýük daşamalaryny dolandyryş we maliýe-ykdysady işini sanlylaşdyrmagyň Konsepsiýasyny» işläp düzmek boýunça teklibini ara alyp maslahatlaşdylar.

 

IBA Group – halkara holding, Merkezi we Gündogar Ýewropada maglumatlar tehnologiýalarynyň iri ulgamlaýyn integratorlarynyň, işläp düzüjileriň, öndürijileriň we üpjün edijileriň biridir. Onuň ştab-kwartirasy Çehiýada ýerleşýär. IBA Group programma üpjünçiligini işläp düzmek boýunça ýokary hilli hyzmatlary hödürleýär we bütin dünýädäki buýrujylara öňdebaryjy çözgütleri «doly taýynlap berýär».