Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Albaniýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Siziň ýurduňyzyň halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermäge şatdyryn.
Bilelikdäki tagallalar bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň biziň ýurtlarymyzyň bähbidine ösdüriljekdigine ynanýaryn. Şu mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkyna rowaçlyk we ösüş arzuw edýärin.
Hormatlamak bilen,
Baýram Begaý,
Albaniýa Respublikasynyň Prezidenti.