TYA-nyň Tehnologiýalar merkezine Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk ýagdaýy berler
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk ýagdaýyny bermek hem-de ony «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parky» diýip atlandyrmak bellenildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara şu gün sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna Halkara ylmy-tehnologiýa parky hakynda Düzgünnamany işläp taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Adalat ministrligi bilen bilelikde, Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaga we Ministrler Kabinetine bermäge borçly edildi.
Resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň ýurduň ykdysadyýetinde tutýan ornuny has-da ýokarlandyrmak hem-de "Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ylmyň gazananlarynyň bäsleşige ukyplylygyny üpjün etmek, ylmy-barlag işlerini toplumlaýyn esasda ösdürmek, kiçi we orta telekeçiligiň innowasiýa taslamalaryna işjeň gatnaşmagyny gazanmak, innowasiýa önümleriniň önümçiligini guramak maksady bilen kabul edildi.