Anna güni, birža söwdalarynda pagta übtügi hem-de Türkmen el halysy ýokary islege eýe boldy

Anna güni, 7-nji iýunda, birža söwdalarynda içerki bazarda ýerli işewürler "Türkmenpagta" Döwlet Konserninden pagta übtügini hem-de "Türkmenhaly" Döwlet Birleşiginden Türkmen el halysyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 68 560 289,11 manada deň bolan 2 geleşik baglaşyldy.