Aşgabatda Türkmen-Emirlikler işewürlik forumy geçiriler
24-25-nji iýunda Aşgabatda Türkmen-Birleşen Arap Emirlikleri bilelikdäki işewürlik forumy geçiriler.
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurýýew we Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Al Hameli bu çäräniň guramaçylyk işlerini ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada BAE-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň resmi Instagram sahypasynda habar berildi.
Duşuşykda taraplar ykdysadyýet we söwda ýaly dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
2022-nji ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirilen soňky Türkmen-BAE işewürlik forumy Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejedäki ähmiýetini açyp görkezipdi. Golaýda geçiriljek forum üstünlikli gepleşikleri dowam etdirer we iki ýurduň arasynda täze işewürlik mümkinçilikleri we hyzmatdaşlygy döreder.