Pişik skeýtbordda typmagy öwrendi we Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
Hytaýyň ýaşaýjysy pişigine skeýtbordda typmagy öwretdi. Birnäçe aýlyk okuwdan soň Bao Zi 12,85 sekuntda 10 metr aralygy typyp geçmegi başardy. Bu üstünlik Ginnesiň rekordlar kitabynda hasaba alyndy.
Kiçijek pişik bary-ýogy bir ýyl sekiz aýlyk bolup, onuň eýesi Li Jiantao itleriň tälimçisidir. Ol bir gün öz gyzyklanmasy üçin iti bilen skeýtbordda typýardy. Şol pursat pişigiň tigirçekli tagta gyzyklanma bildirendigini duýan tälimçi kiçijek dostuny türgenleşdirip başlady.
«Bao Zi ony ýanym bilen alsam gowy görýär. Öýde ýaltalygna garamazdan, ol skeýtborda münende başga bir pişige öwrülýär – özüni ynamly we batyr alyp barýar, märekäniň içinde aňsatlyk bilen hereket edýär» – diýip, Li gürrüň berdi.
Rekord goýan pişik dürli hereketleri hem ýerine ýetirip bilýär: oturýar we öň penjeleri bilen bat alýar, ölen ýaly görünýär, birkemsiz dyrmaşýar, aýlawdan geçýär, gapy kakýar, barrelleri aýlaýar we basketbol topuny itýär.
Pişiginiň üstünlikleriniň netijesinde tälimçi, pişikleriň özüni alyp barşyny has gowy öwrenmek kararyna geldi we şonuň netijesinde 13 sany «murtlyja haýwanlara» hajathana gitmegi we ýuwunmagy öwretmegi başardy.