Amerikaly Jim Bişop mugallymynyň ýalňyşandygyny subut etmek üçin gala gurdy

ABŞ-ly Jim Bişop minaralarynyň çür başy ot syçradýan aždarha şekilli ullakan gala gurdy. Ertekilerdäki ýaly şeýle täsin gala gurmak maksady onda bary-ýogy 15 ýaşyndaka başlandy. Mugallymy ýetginjek Jime «Seniň geljegiň ýok, sen hiç zat başarmarsyň» diýen ýaly manyda aýdyp käýäpdir. Gaty gahary gelen Jim mekdebi taşlaýar. Şondan soň ol mugallymynyň özi hakda aýdan sözüniň nädogrydygyny subut etmek kararyna gelýär.

 

Ýetginjek dürli ýerlerde işläp gazanan pullary bilen ýer satyn aldy. Ilki kakasy bilen maşgalasy üçin jaý guran bolsa-da, 1972-nji ýylda Jim Bişop has adaty jaýy äpet gala öwürmek kararyna gelýär we bu işe yhlas bilen girişýär.

Ol ilki daşdan kottej gurdy. Soňra kem-kemden belent diňleri bolan ullakan üç gatly gala peýda boldy. Jim demir arkalary goşdy, basgançagyň tutawaçlaryny poslamaýan polatdan aždarha şekilinde ýasady.

Soňra açyk reňkli aýna penjireler peýda boldy. Galada köprüler we tans edilýän otag hem bar.

Gurluşygyň başlananyna 60 ýyl boldy, indi bu ýer syýahatçylaryň iň halaýan mesgeni. Koloradonyň günortasyndaky bu gala tölrgsiz esasda aýlanyp bilersiňiz.