Türkmen türgeni MMA söweş sungatlarynyň garyşyk görnüşi boýunça tutluşyga çykar
Golaýda «Gala Sports» bilen şertnama baglaşan Şazada Ataýew Ulýanowsk topragynda nobatdaky tutluşygyny geçirer.
Munuň «Faýt Naýts» we «Volga MMA» guramalarynyň howandarlygynda guralýan ýaryşdygyny bellemek gerek. Türkmen türgeniniň garşydaşy Elektrostal şäherinden bolan tejribeli söweşiji Andreý Baranowskiý bolar.
14-nji oýunda geçiriljek duşuşyk Wolganyň «Sport-Arena» atly arenasynda guralar.
Ýeri gelende ýatlasak, Şazada Ataýew K1 boýunça Türkmenistanyň çempionydyr. Ol golaýda söweş sungatlarynyň garyşyk görnüşi bilen meşgullanyp başlady.