Türkmenistanda SWIFT-den ISO20022 standartyny ornaşdyrmak boýunça okuw maslahatyny geçirildi

4 – 6-njy iýuna çenli Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynda ISO20022 standartyny ornaşdyrmk boýunça üç günlük okuw maslahaty geçirildi.

ISO20022 maliýe pudagynyň guramalarynyň arasynda elektron habar alyşmak üçin halkara standartdyr.

Okuw SWIFT-iň La-Ýulpedäki (Belgiýa) ştab-kwartirasynda SWIFT boýunça tälimçi tarapyndan geçirildi. Ol oňaýly geçişi nähili meýilleşdirmelidigini we ISO 20022 düzüminden we usulyýetinden nähili peýdalanmalydygyny gatnaşyjylar bilen paýlaşdy.

Hususan-da, SWIFT-den «MyStandards» platformasy tanyşdyryldy, ol banklara, bazar infrastrukturalaryna tölegler we pul serişdelerini dolandyrmak baradaky habarlaryny aňsatlyk bilen paýlaşmaga mümkinçilik berýär.

Bu müşderilere edilýän hyzmatlary we töwekgelçiligi dolandyrmagy ýeňilleşdirýär, şol bir wagtyň özünde ol çykdajylary azaldýar we amallaryň awtomatlaşdyrylmagyny gowulandyrýar.

Okuw maslahaty gatnaşyjylaryň täze standartlar baradaky bilimlerini artdyrdy. Ýedi modulyň her biri nazary tanyşdyryşlar, toparlaýyn çekişmeler, amaly sapaklar we gözden geçiriş maşklary bilen geçirildi.

Orient Link: https://orient.tm/tm/post/73035/turkmenistanda-swift-den-iso20022-standartyny-ornasdyrmak-boyunca-okuw-maslahatyny-gecirildi 4 – 6-njy iýuna çenli Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynda ISO20022 standartyny ornaşdyrmk boýunça üç günlük okuw maslahaty geçirildi.