Türkmen talyplary Pinžskiý goraghanasyny öwrenýärler
Arhangelsk (Russiýa) sebitinde Türkmenistan ýaly dürli ýurtlardan 50 talyby birleşdiren halkara tomusky daşky gurşaw mekdebiniň okuwlary başlandy. Bu barada Demirgazyk Arktika Federal uniwersitetiniň (САФУ) geografiýa we gidrometeorologiýa bölüminiň müdiri Lýudmila Draçkowa «TASS-a» beren habarynda aýtdy.
Talyplar meşhur antropolog we ylmy wagyz ediji Stanislaw Drobişewskiýniň umumy sapaklaryny diňlemek, şeýle hem ylmy-barlag işlerini geçirmek üçin Pinežskiý goraghanasyna meýdan gözleglerine gitdiler.
Mekdebe gatnaşyjylary Russiýanyň ýokary giňişlikleriniň ekoulgamynyň aýratynlyklary, biodürlüligini gorap saklamagyň usullary bilen tanşarlar, şeýle hem Arktika sebitiniň meselelerini we adamyň biosferany özgertmekdäki ähmiýetini ara alyp maslahatlaşarlar.
Bellenilişi ýaly, Pinežskiý goraghanasy adaty demirgazyk taýganyň tebigy toplumyny we Ak deňiz-Kuloý platosynyň täsin karst landşaftlaryny tebigy ýagdaýda gorap saklamak we öwrenmek maksady bilen döredildi.
Pinežskiý goraghanasyndaky mekdebe gatnaşyjylar meşhur Pinež karst gowaklaryna hem baryp görerler.